Parižde terror howpy

Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherindäki Karl, Kondorse, Elen Buşe, Lui Le Grand we Wiktor Gýugo liseýleri terror hüjümi guraljakdygy barada maglumat alynandan soň boşaldyldy

425460
Parižde terror howpy

BFM kanaly howpsyzlyk güýçleriniň ady agzalan liseýlerde giň-gerimli howpsyzlyk çärelerini görendigini we okuwçylaryň howpsyz bir ýerde garaşdyrylýandygyny mälim etdi.

Parižde 2 gün ozal 6 liseý bombaly hüjüm guraljakdygy barada maglumat alynanadan soň birnäçe wagtlyk boşaldyldy. Gözleg işleri geçirilenden soň alynan maglumatyň ýalandygy ýüze çykdy.

Parižde 2015-nji ýylyň 13-nji noýabrynda 5 aýry ýerde guralan terrorçylykly hüjümde 130 adam ýogaldy, 350 adam ýaralandy.

Terrorçylykly hüjümlerden soň giň-gerimli howpsyzlyk çäreleri görülipdi we ýurtda adatdan daşary ýagdaý yglan edilipdi.



Degişli Habarlar