Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky 3 milliard dollarlyk krizis

Putin Ukrainanyň Russiýa bolan 3 milliard dollarlyk karzyny tölemän halatynda kaziýet işiniň gozgalmagy üçin görkezme berdi

405182
Ukraina bilen Russiýanyň arasyndaky 3 milliard dollarlyk krizis

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Ukrainanyň Russiýa bolan 3 milliard dollarlyk karzyny tölemän halatynda kaziýet işiniň gozgalmagy üçin görkezme berdi.
Ukrainanyň 2013-nji ýylyň ahyrynda Russiýadan alan 3 milliard dollarlyk karzynyň möhleti 20-njy dekabrda dolýar.
Russiýanyň Maliýe ministrliginiň ýolbaşçylary Prezidenti Wladimir Putine mesele hakynda maglumat berdi.
Putin, karzyny wagtynda töleman halatynda Ukraina garşy kaziýet işiniň gozgalmagy üçin görkezme berdi.
Ukrainanyň Premýer ministri Arseniý Ýatsenýuk bolsa karz meselesinde Russiýanyň hökümeti bilen hukuky taýdan göreşmäge taýardyklaryny aýtdy.
Ukrainanyň hökümeti Russiýanyň 2013-nji ýylda para hökmünde 3 milliard dollar berendigini, resmi Moskwanyň şol para bilen Ukrainany täsiri astynda tutmak isländigini öňe sürýär.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar