Terror guramasy PKK Asada nebit satýar

Resmi Waşingtonyň Başar Asadyň DAEŞ-den nebit alýandygyny we rus firmalarynyň bolsa oňa araçylyk edýändigini habar bermeginden soň, nebit söwdasynyň bir tarapynyň terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölümi PÝD-digi öňe sürüldi

403485
Terror guramasy PKK Asada nebit satýar

Bu barasynda “Star” gazetine beýanat beren Siriýa türkmenleriniň lideri Samir Hafez mälim etdi.
Hafez PÝD bilen Asadyň arasynda gazanylan nebit ylalaşygyna Russiýanyň hem araçylyk edýändigini aýtdy.
Samir Hafez: “Guýularyň ýarysy DAEŞ-iň gözegçiliginde, ýarysy PÝD-niň gözegçiliginde. İkisem çykarýan nebitini Siriýanyň hökümetine satýar. PÝD-niň 1420, DAEŞ-iň 300 nebit guýusy bar. PKK günde 75 müň barrele golaý nebit öndürýär. Jorj Haswani ondan alyp Asada berýär. Ol hem nebiti ugradýar we gerek bolan mazudyny alýar. Çünki Siriýanyň hökmüneti üçin nebit däl, mazut bar” diýdi.
Russiýanyň, Türkiýäniň DAEŞ-den nebit alandygy barasyndaky jedelleri” barada-da durup geçen Hafez resmi Moskwanyň bähbit araýandygyny aýtdy. Samir Hafiz: “Öňe sürülýän mukdar günde 300 müň barrel. Siriýada nebit önümçiligi günde 150 müň barrele çenli aşaklady. Şonuň ýarysy DAEŞ-iň, ýarysy bolsa PÝD-niň gözegçiliginde. İki hem häzirki wagtda Siriýanyň hökümetini mazut bilen üpjün edýär. Asad elindäki nebitiň esasy bölegini berip mazut alýar. Siriýada mazut bolmasa çörek bişmez, ulaglar ýöremez. Türkiýäniň DAEŞ-den nebit alýandygynyň ýalanlygy şundan hem belli bolýar” diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar