Russiýa terror guramasy PÝD-ä ýarag kömegini berdi

PÝD-niň Russiýadan alýan ýaraglary bilen oppozisionerlere hüjüm edýändigi bilinýär

399006
Russiýa terror guramasy PÝD-ä ýarag kömegini berdi

Russiýa Siriýada dartgynlygyň möwjemegine sebäp bolýan hereketlerini dowam etdirýär.
Russiýa degişli harby ýük uçarynyň Halap şäheriniň demirgazygynda terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky bölümi PÝD-ä howadan 5 tonna ok-däki berendigi öňe sürüldi.
Anadoly Habarlar gullugynyň Siriýanyň ýerli utgaşyklyk komitetine esaslanýan habaryna görä 5 tonnalyk ýeňil ýarag paraşut bilen Şyh Maksud etrapçasyndaky PÝD-ä howadan taşlandy.
PKK-nyň Siriýadaky bölümi PÝD-niň Russiýadan alýan ýaraglary bilen oppozisionerlere hüjüm edýändigi bilinýär.
2 aýa golaý wagt bäri dowam edýän Russiýa-PÝD gatnaşygy rus harby uçarynyň urlup düşürilmeginden soň söweş meýdanlaryna hem täsirini ýetirýär.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar