Russiýadan dartgynlygy gowşatjak  ýüzlenmeler gelmäge başlady

"Türk Akymy geçirijisi bilen Akguýu ýadro desgasy ýaly uly maýa goýumlaryň dowam eder"

398130
Russiýadan dartgynlygy gowşatjak  ýüzlenmeler gelmäge başlady

Russiýadan dartgynlygyň gowşamagyna sebäp bolup biljek ýüzlenmeler gelmäge başlady.
Russiýanyň Ykdysadyýet ministri Alkeseý Ulýukaýew Russiýadan Türkiýäniň üstasyr Ýewropa tebigy gazyň akdyrylmagy baradaky Türk Akymy geçirijisi bilen Mersin welaýatynda gurulmagy meýilleşdirilýän Akguýu ýadro desgasy ýaly uly maýa goýumlaryň dowam etjekdigini aýtdy.
Ministr Ulýukaýew “Ýokarda ady agzalýan taslamalaryň ozalkysy ýaly dowam etmegine garaşylýar” diýdi.
Russiýanyň Ykdysadyýet ministri Türkiýe bilen maýa goýum hyzmatdaşlyk komissiýasynyň işleriniň saklanmagynyň Türk Akymy we Akguýu ýaly uly taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen arabaglanşygynyň ýokdygyna ünsi çekdi.
Ulýukaýew “Bu Gazpromyň we Rosatomyň işi. Hökümetiň kararnamasy olaryň hem öz işini saklandygy manysyny aňlatmaýar”diýdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar