Bosgunlaryň Ýewropa ýurtlaryna akymy dowam edýär

Sloweniýada 2 gün bäri dowam edýän sowuk we ýagyşly howa garamazdan ýurtlaryndaky içeriki uruşdan gaçyp gelýän bosgunlaryň sany köpelýär

421220
Bosgunlaryň Ýewropa ýurtlaryna akymy dowam edýär

Edil düýniň özünde 6 müň 298 adam polisiýa işgärleriniň gözegçiliginiň astynda Sloweniýa girdi.
Wenegriýanyň hökümediniň Horwatiýa bilen bolan serhedini ýapanyndan soň ýagny 16-njy oktýabrdan bäri Sloweniýa giren bosgunlaryň sany 255 müň 446 adama ýetdi.
Sloweniýanyň Içeri işler ministrligi ýurda giren 255 müň 446 bosgunyň 243 müň 410-synyň Awstriýa geçendigini habar berdi.
Bosgunlar deňiz ýoly bilen Gresiýa soň Makedoniýa, soň bolsa Serbiýanyň we Horwatiýanyň üsti bilen Sloweniýa geçýärler.
Makedoniýa, Serbiýa we Horwatiýa birnäçe gün ozal bilelikde umumy karar kabul edip, ýurda diňe siriýaly, yrakly we owganystanly bosgunlary kabul etjekdiklerini aýdypdylar.
Kabul edilen karardan soň esasan hem Makedoniýa-Gresiýa serhedinde polisler bilen bosgunlaryň arasynda dartgynlyk bolupdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar