Fransiýa DAEŞ taslamasyny BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşine hödürledi

Taslamada DAEŞ-e garşy göreşde ýakyndan hyzmatdaşlyk edilmegi slenýär

419517
Fransiýa DAEŞ taslamasyny BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşine hödürledi

Taslamada terror guramasynyň Ankarada, Parižde, Tunisde we Beýrutda guran terrorçylykly hüjümleri bilen rus uçarynyň Müsürde bomba arkaly heläkçilige uçramagy ýazgadyldy we agza ýurtlardan DAEŞ-e garşy göreşde ýakyndan hyzmatdaşlyk etmekleri we utgaşykly hereket etmekleri islenýär.
Taslamada Tunisiň, Türkiýäniň, Russiýanyň, Liwanyň we Fransiýanyň başda durmagynda terror guramasy DAEŞ sebäpli ýitgi çeken ähli hökümetlere we halklara gynanç bildirildi, şeýle hem BMG-na agza ýurtlardan Siriaýda we Yrakda DAEŞ-e garşy göreşde ýakyndan hyzmatdaşlyk etmekleri islenýär.
Fransiýa tarapyndan hödürlenen taslamanyň hajan sese goýuljakdygy barada maglumat berilmedi, emma BMG-nyň Howpsyzlyk geňeşine hödürlenen karar taslamalary umuman alnanda Geňeşe hödürlenenden 24 sagat soň sese goýulýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar