Siriýa maslahatynda ylalaşyk gazanyldy

Siriýada içerki urşuň bes edilmegi üçin ikinji gezek Wenada duşuşdylar

417230
Siriýa maslahatynda ylalaşyk gazanyldy

ABŞ-nyň Döwlet sekretary, Russiýa, Saud Arabystany, Eýran we Türkiýe ýaly 17 ýurduň Daşary işler ministrleri Siriýada 5 ýyla golaý wagt bäri dowam edýän içerki urşuň bes edilmegi üçin ikinji gezek Wenada duşuşdy.
Maslahata Türkiýäniň adyndan Daşary işler ministri Feridun Sinirliogly gatnaşdy.
6 sagat dowam eden maslahatda ylalaşyk gazanyldy.
Maslahatdan soň ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri, Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow we BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili Mistura köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beýanat berdi.
Siriýada hüjümleriň gyssagly bes edilmegi üçin ylalaşyk gazanylandygyny aýdan Jon Kerri, emma ylalaşygyň DAEŞ-i we NUSRA hereketini öz içine almaýandygyny ýatlatdy.
Wenada gazanylan ylalaşyga görä, Siriýaly oppozisionerlerden wekillerini kesgitlemegi we Asad bilen wagtlaýyn hökümet üçin gepleşik geçirmekleri islener.
Hüjümleriň bes edilmegi baradaky ylalaşyk BMG-nyň gözegçiligi astynda durmuşa geçirler.
Wagtlaýyn hökümetiň 1 aýyň dowamynda gurulmagy, täze konstitutsiýa taýarlamagy we 18 aýyň içinde saýlaw geçirmegi göz öňünde tutulýar.
Başar Asadyň bolsa geçiriljek saýlawda dalaşgär bolup bolmajakdygy barada beýanat berilmedi.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar