Ýewropa baran bosgunlaryň sany 800 müňden geçdi

Italiýada 2870, Gresiýada 547, Ispaniýada hem 82 gaçgak gark boldy

416476
Ýewropa baran bosgunlaryň sany 800 müňden geçdi

Halkara Migrasiýa guramasy şu ýyl Ortaýer deňzinden geçip Ýewropa baran bosgunlaryň sanynyň 800 müň, ýolda ýogalanlaryň sanynyň bolsa 3 müň adamdan geçendigini aýtdy.
Gurama tarapyndan berlen maglumata görä 812 müň 230 bosgun Ýewropa ýurtlaryna geldi.
Ortaýer deňzinden geçip Ýewropa gelen bosgunlaryň ýarysynyň Siriýalydygy anyklandy.
2015-nji ýylyň başyndan bär, 666 müň 502 bosgun deňiz ýoly arkaly Gresiýa gitdi.
Ortaýer deňzinden Italiýa 141 müň 777, Ispaniýa 3 müň 845, Malta hem 106 müň bosgun gitdi.
Halkara Migrasiýa guramasy üstümizdäki ýylyň başyndan bäri bikanun ýollardan Ýewropa girmäge synanşan 3 müňden gowrak gaçgagyň hem ýolda ýogalandygyny mälim etdi.
Italiýada 2870, Gresiýada 547, Ispaniýada hem 82 gaçgak gark boldy.
Gresiýa gitmek üçin Türkiýeden ýola çykan 547 bosgun hem Egeý deňzinde ýogaldy

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar