Mun Türkiýäni, Liwany we Iordaniýany takdyr etdi

Pan Gi Mun Siriýaly millionlarça myhmany kabul edendigi üçin Türkiýäni, Liwany we Iordaniýany takdyr edýändiklerini aýtdy.

415112
Mun Türkiýäni, Liwany we Iordaniýany takdyr etdi

BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Mun Saud Arabystanynyň paýtagty Riýatda geçirilýän 4-nji Arap-Latin Amerika maslahatyna gatnaşdy.
Mun maslahatda eden çykyşynda Wenada geçirlen Siriýa gepleşiklerinde halkara jemgyýetçiliginiň krizisi çözmek üçin tagalla edendigini aýtdy.
BMG-nyň Baş sekretary Siriýadaky çaknyşyklaryň bes edilmeginiň ähmiýetine ünsi çekdi we millionlarça myhmany kabul edendigi üçin Türkiýäni, Liwany we Iordaniýany takdyr edýändigini belledi.
Ýemendäki dartgynlygyň harby taýdan çözülip bilinmejekdigini aýdan Pan Gi Mun, degişli taraplara üstümizdäki aý BMG-nyň ýolbaşçylyk etmeginde Ženewada geçiriljek maslahata gatnaşmaklary barada çagyryş berdi.
BMG-nyň Baş sekretary Mun geljek ýyl BMG-nyň Baş Assambleýasyna DAEŞ we Boko Haram ýaly beýleki terror guramalaryna garşy göreş üçin giň gerimli meýilnama hödürlejekdiklerini nygtady.
Maslahata 33 arap we Latyn Amerika ýurdundan prezident, Premýer ministr we ministr derejesinde wekiller gatnaşýar.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar