Hytaýly we Taýwanly liderler 66 ýyl soň duşuşdy

Taýwanyň we Hytaýyň liderleriniň arasynda 1949-njy ýyldaky içerki uruşdan soň hiç hili gepleşik geçirilmändi

412723
Hytaýly we Taýwanly liderler 66 ýyl soň  duşuşdy


Singapurda geçiriljek maslahatyň öňüsyrasynda Taýwanyň lideri Ma Ýing Žeu bilen Hytaýyň döwlet başlygy Si Sinping metbugata beýanat berdi.
Sinping “Hiç kim bizi aýyryp bilmez. Biz bir maşgaladyrys” diýdi. Taýwanyň lideri Ma bolsa Taýwan bogazynda parahatçylygyň ýola goýulmagy meselesinde tutanýerli tutum alyp barýandyklaryny aýtdy.
Taýwanyň hökümetiniň metbugat geňeşçisi Çarles Çyn, sebitde parahatçylygyň güýçlendirilmegi maksady bilen geçiriljek gepleşiklerden soň hiç hili beýanatyň berilmejekdigini aýtdy.
Çarles Çyn taraplaryň arasynda şertnama baglaşylmagyna garaşylmaýandygyny nygtady.
Taýwanyň we Hytaýyň liderleriniň arasynda 1949-njy ýyldaky içerki uruşdan soň hiç hili gepleşik geçirilmändi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar