DAEŞ Siriýadaky çaknyşyklaryň birinde himiki ýarag ulandy

Derä, göze we öýkene ýaramaz täsirini ýetirýän iprit gazy himiki ýarag hökmünde kabul edilýär

411943
DAEŞ Siriýadaky çaknyşyklaryň birinde himiki ýarag ulandy

Merkezi Gagada ýerleşýän Himiki ýaraglaryň gadagan edilmegi guramasy terror guramasy DAEŞ-iň Siriýadaky çaknyşyklaryň birinde himiki ýarag ulanandygyny habar berdi.
Gurama görä, awgust aýynda Halap şäheriniň Marea etrapçasynda DAEŞ bilen oppozision toparlaryň arasynda bolan çaknyşykda iprit gazy ulanyldy.
Habarnamada gazyň iki adama ýaramaz täsirini ýetirendigi we 1 bäbejigiň gaz sebäpli ýogalandygy nygtalýar.
Şeýlelikde Himiki ýaraglaryň gadagan edilmegi guramasynyň Baş ilçisi Ahmet Üzümjiniň ýolbaşçylygyndaky habarnamasynda Siriýadaky çaknyşykda himiki ýaragyň ulanylandygy ilkinji gezek resmi taýdan tassyklandy.
Himiki ýaraglaryň gadagan edilmegi guramasynyň habarnamasynda haýsydyr bir guramanyň ady agzalmasada, diplomatik töwerekler himiki ýaragyň terror guramasy DAEŞ tarapyndan ulanylandygyny nygtaýar.
Derä, göze we öýkene ýaramaz täsirini ýetirýän iprit gazy himiki ýarag hökmünde kabul edilýär.
Şol sebäpli hem halkara şertnamalara laýyklykda gazyň ulanylmagy gadagan edildi.
Terror guramasy DAEŞ-iň himiki ýarag ulanandygy hakyndaky garaýyşlar ozal Siriýanyň hökümeti we oppozision toparlar tarapyndan hem gün tertibine getirlipdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar