Müsürde we Iordaniýada sil apaty

Tebigy heläkçilik ençeme gün bäri dowam edýär

412032
Müsürde we Iordaniýada sil apaty

Müsürde eýýäm ençeme gün bäri dowam edip gelýän aşa ýagan ýagyş sebäpli bolan sil apatynda häzirki wagta çenli 17 adam ýogaldy.

Müsüriň Saglygy goraýyş ministrligi sil apatynda 17 adamyö ýogalandygyny, 28 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Hökümet bolsa Iskendiriýe we onuň golaýyndaki şäherlerde adatdan daşary ýagdaý yglan etdi.

Esasan hem kenarýakada ýerleşýän obalary suw aldy.

Sebitde aşa ýagan ýagyşlar Iordaniýa hem öz täsirini ýetirdi.

Iordaniýada tebigy heläkçilik sebäpli 2 çaga ýogaldy, ýüzlerçe adam öýünden we iş ýerinden mahrum boldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar