"ÝPG-ä ýarag we ok-däri bermeris"

Türkiýäniň resmi Waşingtonyň terror guramasy PKK-nyň Siriýadaky goly bolan PÝD-niň harby goly bolan ÝPG-ä ýarag we ok-däri bilen üpjün etmezlik barada beren çagyryşyndan netije alyndy

411412
"ÝPG-ä ýarag we ok-däri bermeris"

ABŞ-nyň terror guramasyna garşy Yrakda we Siriýada dowam etdirýän Tebigy durnuklylyk operasiýasynyň metbugat geňeşçisi polkownik Stewe Warren: “ÝPG-ä ýarag we ok-däri bermeýäris” diýdi.
Bagdatdan wideoşekilli ulgamyň kömegi bilen Pentagonda geçirilen metbugat işgärleriniň ýygnagyna gatnaşan Stewe Warren berilen soraga: “Ozal uçarlar bilen taşlan ýaraglarymyz Siriýa arap koalisiýasy üçindi. Mundan soň hem beriljek ýaraglarymyz we ok-därilerimiz aglabasy arap bolan siriýaly oppozisionerler üçin bolar” diýip jogap berdi.
Warren Türkiýäniň ozal hem özlerini dudurandyklaryny belläp: “Türkler NATO agza we DAEŞ-e garşy hyzmatdaşymyz. Özleri bilen hem aragatnaşyk saklaýarys” diýdi.
Amerika Birleşik Devletleri (ABD) Savunma Bakanlığı da "YPG'ye
ABŞ-nyň Goranmak ministrligi hem ÝPG-ä mundan beýläk ýarag we ok-däri bermejekdiklerini mälim etdiler.
Aýdylanlar bilen baglanşykly beýanat beren Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Tanžu Bilgiç: “Türkiýe mesele bilen baglanşykly ynjalyksyzlygyny belläpdi, ABŞ tarapyndan berilen beýanat örän begendiriji” diýdi.
Metbugat geňeşçisi Bilgiç DAEŞ-e garşy göreşde Türkiýäniň ähli çäreleri görüp biljekdigini nygtady.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar