Somalide bombaly hüjüm guraldy

Hüjümiň jogapkärçiligini Aş-Şebab guramasy öz üstüne aldy

361568
Somalide bombaly hüjüm guraldy

Somaliniň paýtagty Mogadişuda döwlet ýolbaşçylarynyň galýan As-Sahafi myhmanhanasynyň golaýynda guralan bombaly hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 11 adam ýogaldy.
Hüjümde aralarynda ýerli radionyň işgäri bilen myhmanhananyň eýesi bilen birlikde 11 adam ýogaldy, döwletiň ýolbaşçylary we Reuters habarlar gullugynyň kameraçysy bilen birlikde ençeme adam ýaralandy.
Myhmanhananyň gözegçiligi hökümete degişli güýçleriň elindedigi habar berilýär.
Mundan öň berilen beýenatda Mogadişuda döwlet ýolbaşçylarynyň galýan As-Sahafi myhmanhanasynyň golaýynda bombaly hüjümiň guralandygy, wakanyň bolan ýerinde howpsyzlyk güýçleri bilen hüjümçileriň arasynda güýçli çaknyşyklaryň bolýandygy we wakada ençeme adamyň ýogalandygy we ýaralanandygy habar berilipdi.
Hüjümiň jogapkärçiligini Aş-Şebab guramasy öz üstüne aldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar