Asada bagly güýçleriň hüjüminde ençeme adam ýogaldy

Resmiler hüjümde köp sanda ýaşaýyş we iş ýerlerine, ulaglara zeper ýetendigini mälim etdiler

403955
Asada bagly güýçleriň hüjüminde ençeme adam ýogaldy

Siriýanyň Ýaragly güýçlerine degişli harby uçaryň paýtagt Damaskyň gündogaryndaky Duma etrabynda asuda ilatyň ýaşaýan ýerlerine guran howa hüjümlerinde 14 adam ýogaldy.

Dumadaky resmilerden alynan maglumatlara görä goşuna degişli harby uçar paýatagt Damaskyň gündogaryndaky Gündogar Guta sebitindäki Duma etrabynda hüjüm gurady.

Howa hüjüminde asuda ilatdan 14 adam ýogalandygyny we 25 adamyň ýaralanandygyny bellän resmiler ýaralanan adamlaryň tiz kömek ulaglary bilen göçme hassahanalara alynyp gidilendigini habar berdiler.

Resmiler hüjümde köp sanda ýaşaýyş we iş ýerlerine, ulaglara zeper ýetendigini mälim etdiler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar