Daşary işler ministrleri Siriýa üçin jemlenişdi

Lawrow Siriýanyň geljegi baradaky maslahatlara Eýranyň we Müsüriň hem çagyrylmagyny isledi

358180
Daşary işler ministrleri Siriýa üçin jemlenişdi

ABŞ-nyň Döwlet sekretary, Russiýanyň, Türkiýäniň we Saud Arabystanynyň Daşary işler ministrleri Siriýanyň geljegi meselesini ara alyp maslahatlaşmak üçin Wenada duşuşdy.
Daşary işler ministrleri duşuşykdan soň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beýanat berdi.
ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri duşuşygyň netijeli geçendigini we Siriýadaky söweşi üýtgedip biljek käbir pikirleriň ýüze çykandygyny belledi.
Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bolsa Asadyň geljegine Siriýanyň halkynyň karar bermelidigini ýene-de bir gezek tekrarlady.
Lawrow Siriýanyň geljegi bilen baglanşykly geljekki maslahatlara Eýranyň we Müsüriň hem çagyrylmagyny isleýändiklerini aýtdy.
Saud Arabystanynyň Daşary işler ministri Adil Al Jubeýr hem, Russiýa bilen Asadyň geljegi meselesindäki garaýyş tapawutlylygynyň bardygyna garamadan gepleşikleriň dowam etjekdigini nygtady.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar