Russiýa we ABŞ ylalaşdy

Russiýa bilen ABŞ-nyň arasynda Uçuş howpsyzlygy baradaky ylalaşyga gol çekişildi

356665
Russiýa we ABŞ ylalaşdy

Russiýanyň Goranmak ministrliginden berilen beýanatda iki ýurduň Harby howa güýçleriniň Siriýanyň howa giňişliginde çaknyşygynyň öňüni aljak ylalaşyga gol goýulandygy mälim edilýär.
Beýanatda ylalaşyk güýje girenden soň iki ýurduň harby ýolbaşçylarynyň arasynda aragatnaşyk saklanjakdygy hem nygtalýar.
ABŞ ylalaşyk barasynda hyzmatdaşlyga agza ýurtlara-da maglumat berjekdigini kepillendirdi.
Resmi Waşington golaýda rus we Amerikan harby uçarlarynyň terror guramasy DAEŞ-e garşy göreşmek üçin şol bir giňişlige girendigini habar beripdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar