Terrorçylykly hüjüme berk reaksiýa görkezilýär

Hüjüm Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda hem uly gynanja sebäp boldy.

352481
Terrorçylykly hüjüme berk reaksiýa görkezilýär


Türkiýäni gana bulan terrorçylykly hüjüme berk reaksiýa görkezilýär

Terrorçylykly hüjüm Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda hem uly gynanja sebäp boldy.
Ýurtda 3 günlük milli ýas yglan edildi.


Prezident R. T. Erdogana gynanç ýüzlenmesini ugradan DKTR-nyň Prezidenti Mustafa Akynjy Türkiýäni nyşana alan kim tarapyndan we nireden gelendigine garamadan bu wagşyçylykly hüjümi berk ýazgarýaryn, size we türk halkyna uly gynanç bildirýärin” diýdi.


Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin hem Prezident R. T. Erdogana telefon edip gynanç bildirdi.

Fransiýanyň Prezidenti Fransua Oland hem Prezident Erdogana telefyn edip terrorçylykly hüjümi ýazgarýandygyny aýtdy we türk halkyna gynanç bildirdi.

Italiýanyň Predenti Serjiýo Matarella Prezident Erdogana ugradan ýüzlenmesinde “Terrora garşy birlikde göreşmegiň nähili gyssagly we möhümdigini ýatladan hüjümi berk ýazgarýaryn” diýip belledi.

NATO-nyň Baş sekretary Stoltenberg hem hüjümi ýazgarýandygyny mälim etdi.
Stoltenberg “Kalbym hüjümde ýogalanlar bilen birlikde. NATO terror belasyna garşy ähli hyzmatdaşlary bilen birlikde göreşýär”diýdi.

Ýewropa Geňeşiniň Baş sekretary Ýagland hem Ankaradaky hüjümi ýazgardy.

Hüjüm ABŞ-nyň Ankaradaky ilçihanasy tarapyndan hem ýazgaryldy.
ABŞ tarapyndan berlen beýanatda bolsa “Türkiýedäki elhenç hüjümi ýazgarýarys” diýildi.

Gresiýanyň Premýer ministri Çipras şahsy twitteri arkaly hüjüme gynanç bildirdi we “parahatçylyk we demokratiýa üçin goňşymyza goldaw berýäris” diýdi.
Germaniýanyň we Britaniýanyň Daşary işler ministrleri hem hüjüm sebäpli Türkiýä gynanç bildirdi.
Pakistan, Saud Arabystany, Azerbaýjan we Halkara günä geçişlik guramasy hem hüjümi ýazgardy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar