Russiýanyň Siriýa atan roketalary Eýrana gaçdy

Russiýanyň harby gämisinden Siriýa atylan roketalaryň Eýrana gaçandygy nygtalýar

390029
Russiýanyň Siriýa atan roketalary Eýrana gaçdy

Amerikan CNN telewideniýesi tarapyndan berilen maglumatlara görä ady tutulmaýan amerikaly 2 ýolbaşçy Hazar deňiziniň günortasyndaky rus harby gämisinden atylan iň az dört roketanyň Eýrana gaçandygyny mälim etdi.
Ýolbaşçylaryň biri rus roketalarynyň gaçmagy netijesinde käbir adamlaryň ýogalan bolup biljekdigini nygtan bolsa, beýleki ýolbaşçy mesele bilen baglanşykly entek anyk maglumatlaryň ýokdygyny belledi.
Habarda roketalaryň Eýranyň haýsy sebitine gaçandygy bilen baglanşykly anyk maglumat berilmedi.
CNN tarapyndan berilen habarda Eýrana gaçan roketalaryň Russiýanyň ilkinji gezek ulanmaga başlan "Caliber" kysymly roketalaryň bolandygy aýdylýar.
Eýranyň ýarym resmi Pars habar agentligi amerikaly resmileriň aýdanlarynyň entek rus we eýran resmileri tarapyndan tassyklanmadygyny mälim etdi.
Russiýanyň Goranmak ministrligi bolsa Russiýa degişli harby gämiden Siriýa atylan roketalaryň Eýrana gaçandygy baradaky maglumatlaryň ýalandygyny belledi.
Goranmak ministrliginiň metbugat geňeşçisi Igor Konaşenkow Hazar deňizindäki rus gämilerinden atylan roketalaryň nyşana dogry degendigini nygtady.
Konaşenkow roketalaryň atylyş we nyşana degiş wideolarynyň medianyň kömegi bilen görkezilendigini mälim etdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar