Oppozisionerler Asada bagly güýçleriň dik uçaryny ýere gaçyrdy
Oppozisionerlere bagly Sukur Al-Gab topary Hamada Asada bagly güýçleriň dik uçaryna od açyp ýere gaçyrdy
351643
Azat Siriýa goşunyna bagly Sukur Al-Gab topary resmi twitter hasabyndan beren beýanatynda: "Hamany[ Kefr Nebbude sebitinde Asada bagly güýçleriň dik uçaryny ýere gaçyrdyk" diýilýär.
Oppozisionerleriň serkerdesi Ebu Abdullah Anadoly agentligine beren beýanatynda: "Kefr Nebbude sebitinde iki dik uçar oppozisonerler tarapyndan od açylyp ýere gaçyryldy. Dik uçarlaryň biri hüjüm guralan ýeriň golaýyna, beýlekisi bolsa Asada tabynlykdaky güýçleriň gözegçiligi astyndaky ýere gaçdy" nygtady.
Degişli Habarlar
Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri Gurban baýramy günlerinde hem dowam edýär
Ysraýylyň Gaza zolagyna garşy guraýan hüjümleri Gurban baýramy günlerinde hem dowam edýär