NATO agza ýurtlaryň goranmak ministrleriniň maslahaty

NATO agza ýurtlaryň goranmak ministrleriniň maslahaty Belgiýanyň paýtagaty Brýussel şäherinde geçirilýär

389510
NATO agza ýurtlaryň goranmak ministrleriniň maslahaty

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg hyzmatdaşlygyň Türkiýä günorta serhetlerindäki howplardan goramak üçin harby güýç ugratmaga taýardygyny aýtdy.
Goranmak ministrleriniň maslahatyndan ozal žurnalistleriň soraglaryna jogap beren Stoltenberg, NATO-nyň Türkiýe bilen birlikde ähli hyzmatdaşlaryny gorap biljekdigini nygtady.
Russiýanyň Siriýadaky harby operasiýalarynyň artýandygyny görýändiklerini aýdan Stoltenberg soňky wakalary we olaryň netijelerini seljerjekdiklerini beýan etdi.
Russiýanyň Siriýadaky operasiýalar barada Britaniýa hem beýanat berdi.
Britaniýanyň Goranmak ministri Mişel Felin resmi Moskwanyň Siriýadaky şertleri hasam çykgynsyzlaşdurýandygyny aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar