Otly saparlary bes edildi

Germaniýa saparlarynyň bes edilmegini talap etdi

348994
Otly saparlary bes edildi

Awstriýa-Germaniýa otly saparlary bes edildi.
Awstriýanyň döwlet demir ýollary tarapyndan berlen beýanatda Germaniýanyň bosgunlaryň sanynyň köpelmegi sebäpli otly saparlarynyň bes edilmegini talap edendigi nygtaldy.
Beýanatda “Germaniýaly ýolbaşçylardan Salzburg bilen Germaniýanyň arasyndaky otly saparlarynyň azyndan 12-nji oktýabra çenli bes edilendigi barada görkezme aldyk” diýildi.
Germaniýa 15-nji sentýabrda hem Germaniýa gelýän bosgunlaryň sanynyň azaldylmagy üçin Salzburgdan gelýän otly saparlaryny wagtlaýyn bes edipdi.
Wengiýa, Horwatiýa we Sloweniýa arkaly Awstriýa geçen bosgunlar, Salzburgyň üsti bilen otlylar arkaly Germaniýa gitmek isleýär.
Ýolbaşçylar soňky 1 aýda 170 müňe golaý bosgunyň Awstriýa gelendigini we otlylar arkaly Germaniýa gidendigini nygtaýar.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar