Fransiýa Siriýada ilkinji gezek DAEŞ-e degişli ýerleri bombalady

Başar Asada degişli güýçleriň İdlib şäherine guran hüjüminden soň düşürilendigi öňe sürülen käbir ýazgylar efire berildi

392504
Fransiýa Siriýada ilkinji gezek DAEŞ-e degişli ýerleri bombalady

İdlibiň Tal Mines etrapçasyna anna güni guralan hüjümde 10 adam ýogalypdy.
Siriýanyň hökümeti hüjümde terror guramasy DAŞEŞ-iň nyşana alynandygyny öňe sürdi.
Siriýanyň hökümeti Russiýadan alan täze harby uçarlaryny hepdäniň başyndan bäri terror guramasy DAEŞ-e garşy operasiýalarda peýdalanýar.
Beýleki tarapdan Fransiýanyň Harby howa güýçlerine degişli harby uçarlar üç hepde dowam eden barlag uçuşlaryndan soň ilkinji operasiýasyny geçirdi.
Fransiýanyň Prezidenti Fransua Oland Deýrezzorda terror guramasy DAEŞ-iň tälim beriş lageriniň hatardan çykarylandygyny beýan etdi.
Oland Siriýada Başar Asadyň degişli bolmadyk çözgüdiniň tapylmalydygyny hem aýtdy.
Terror guramasy DAEŞ-e garşy döredilen halkara hyzmatdaşlygyna degişli bolan Fransiýa Yrakda-da operasiýalara gatnaşýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar