Russiýanyň Siriýa syýasaty Ysraýyly aladalandyrýar

Benýamin Netanýahu Moskwa gitdi

352534
Russiýanyň Siriýa syýasaty Ysraýyly aladalandyrýar

Russiýanyň Siriýadaky esgerleriniň sanyny artdyrmak karary Ysraýyly aladalandyrýar.
Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netanýahu Moskwa gitdi.
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşjak Netanýahunyň saparyna Ysraýylyň Baş ştabynyň başlygy Gadi Eisenkot hem ýoldaşlyk edýär.
Netanýahunuň rus lideri bilen boljak duşuşygynda Başar Asada goldaw bermek maksady bilen rus esgerleriniň sanynyň artdyrylmagyna alada bildirýändiklerine ünsi çekmegine garaşylýar.
Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Russiýanyň Siriýanyň hökümetine harby taýdan berýän goldawynyň dowam etjekdigine ünsi çekipdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar