Eýran Siriýa meselesinde Russiýa bilen hereket eder

"Asad Eýranyň teklibine oňyn garaýar”

350560
Eýran Siriýa meselesinde Russiýa bilen hereket eder

Eýranyň Daşary işler ministriniň orunbasary Hüseýin Emir Abdullahiýan ýurdunyň Siriýa krizisiniň ortadan aýrylmagy meselesinde Russiýa bilen birlikde taýarlan teklibini durmuşa geçirmegi meýilleşdirýändiklerini aýtdy.
Abdullahiýan Eýranyň resmi telewideniýe kanalyna beren beýanatynda “Bu taslama geçen aý Daşary işler ministri Muhammed Jewad Zarifiň Siriýa guran saparynyň çäginde Başar Asada hödürlendi. Asad Eýranyň teklibine oňyn garaýar”diýip belledi.
Siriýanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary bilen taýarlanan taslamanyň giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýdan Abdullahiýan; “Taslamada halkyň roluna üns berilmegini, terrorçylyga garşy göreş, göçen ynsanlara ynsanperwer kömeginiň berilmegi , Eýran Yslam Respublikasynyň Siriýa krizisi çözmegi ýaly teklipleriň ýer alýandygyny belledi.
Abdullahiýan BMG-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili bilen bu mesele barada pikir alyşandyklaryny ýatlatdy


Etiketkalar:

Degişli Habarlar