Çilide 8,3 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Prezident Miçel Baçalet sabyrly bolmaklary barada halka çagyryş berdi

389198
Çilide 8,3 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Çilide 8,3 bal ululygynda ýer titremesi boldy.
Ýer titremesinde ilkinji kesgitlemelere görä 8 adam ýogaldy.
Köp sanly adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan ýer titremesinden soň birnäçe adam bolsa hiç hili habar ýok.
Prezident Miçel Baçalet halaş ediş toparlarynyň adatdan daşary ýagdaýa geçendigini nygtady we sabyrly bolmaklary barada halka çagyryş berdi.
Yzly yzyna bolan ýer sarsgynlary halkyň dowla düşmegine sebäp boldy.
Ýolbaşçylar ýer titremäniň ýurduň demirgazyk günbatarynda ýeriň 5 kilometr aşagynda bolandygyny habar berdi.
Beýleki tarapdan kenarýaka şäherçesi Kokimboda 4,5 metrlik sunamy tolkunlarynyň bardygy nygtalýar.
Içeri işler ministrligi deňiziň kenaryndaky halkyň başga ýerlere göçürlendigini mälim etdi.
Ýurtda 2010-njy ýylda bolan 8,8 bal ululygyndaky ýer titremesinde 500-den gowrak adam ýogalypdy.



Etiketkalar:

Degişli Habarlar