Türkiýe Siriýaly bosgunlar üçin uly işleri durmuşa geçirýär

"Biz Ýewropalylar her hepde Prezident Erdogan üçin dini dabara geçirmelidiris"

349029
Türkiýe Siriýaly bosgunlar üçin uly işleri durmuşa geçirýär


Wengriýanyň Premýer ministri Wiktor Orban Türkiýäniň Siriýadan gaçan bosgunlar üçin köp wagtdan bäri uly işleri durmuşa geçirýändigini aýtdy.
Orban Germaniýada çap edlýän “Bild” gazetine beren beýanatynda “ÝB-niň döwlet we hökümet baştutanlarynyň maslahatynda Siriýa goňşy ýurtlara maliýe kömeginiň berilmegini teklip etjekdigini nygtady.
Orban “Türkiýe birnäçe wagtdan bäri bosgunlar barada uly işleri durmuşa geçirýär. Tapawutly syýasy garaýyşlardan garaşsyz ýagdaý biz Ýewropalylar her hepde Prezident Erdogan üçin dini dabara geçirmelidiris. Türkiýe ýaly ýurtlary ýalňyz goýmalyň we husit bolmalyň” diýip belledi.
Orban Pakistandan, Bangladeşden, Maliden, Efiopiadan we Nigerýadan millionlarça adamyň Ýewropa geljekdigini aýtdy.
Beýleki tarapdan Germaniýanyň Daşary işler ministri hepdäniň ahyrynda Germaniýa 40 müň bosgunyň gelmeginiň çak edilýändigini belledi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar