Ýemende asuda ilatdan 37 adam ýogaldy
Ýogalanlaryň arasynda çagalar hem bar
Ýemende Husileriň we Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky Hyzmatdaş güýçleriniň hüjümlerinde asuda ilat hem ýogalýar
Ýemende soňky 2 günde asuda ilatdan 37 adam ýogaldy.
Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky Hyzmatdaş güýçleriniň paýtagt Sanada guran howa hüjümlerinde asuda ilatdan 7 adam ýogaldy.
Husileriň Tazi we Marib şäherilerinde guran hüjümlerinde bolsa 28 adam ýogaldy.
Iýul aýynda Husilerden basylyp alynan Aden şäherinde bolsa mina basan 2 çaga ýoglady. Şäherde mundan ozal hem ençeme gezek mina sebäpli adamlar ýogalypdy. Minalaryň Husiler tarapyndan goýulandyr diýip çak edilýär.
Degişli Habarlar
Türkiýe Gämi Gurluşygynda Uly Ösüş Etdi
Bu barasynda Gresiýanyň Goranmak ministri Nikola Dendias beýannama berdi.
Nigeriýada Zamun Alynan 64 Çaga Bilen Zenan Boşadyldy
Harby goşun ýaragly başbozarlara garşy geçirýän operasiýasyny dowam etdirýär