ÝB geňeşiniň başlygynyň beýanaty

ÝB geňeşiniň başlygy Donald Tusk bosgun meselesi we beýleki meseleler boýunça Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklaryň depgininiň ýaňadandan güýçlendirilmelidigini aýtdy

374459
ÝB geňeşiniň başlygynyň beýanaty

Donald Tusk serhet howpsyzlygynyň ÝB-niň iň esasy we agyr meselelerinden biridigini nygtady.
ÝB geňeşiniň başlygy Tusk “Ýewropanyň gündogary bilen günbatarynyň arasynda bölünşik bar. Wegriýa ýaly käbir ýurtlar bosgunlary sim torlar bilen çäklendirmek isleýärler. Beýlekileri bolsa kwota görä bosgunlaryň paýlaşylmagyny isleýärler” diýdi.
Donald Tusk şu ýyl Ýewropa ýarym milliondan gowrak bosgunyň gelmegine garaşylýandygyny, bu sebäpli düzgün-tertibiň bozulyp bilinmejekdigini nygtady.
Tusk Brýusselde Baş ilçiler derejesindäki maslahatda sözlän sözünde Türkiýe bilen gatnaşyklar barada-da durup geçdi.
Donald Tusk “Bosgunlar we beýleki meseleler bilen baglylykda Türkiýe bilen gatnaşyklar ýaňadandan dikeldilmeli, şeýlelikde Türkiýe bilen ynamly dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýulmaly” diýdi.
ÝB-de bosgunlar meselesinde ylalaşyk gazanmaklygyň kyndygyny, hemaýata mätäç adamlara kömek bermegi göz öňünde tutýandyklaryny gürrüň beren Tusk “Söz ýeterlik däl. İndi bir zatlar edilmeli” diýdi.
Balkan sebitiniň bikanun bosgun geçelgesine öwrülendigine ünsi çeken Donald Tusk, sebitde ýerleşýän ýurtlaryň bosgun meseleleriniň kynçylygyna garşy göreşde degişli çäreleri gyssagly görmelidigini aýtdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar