DAEŞ-e garşy hüjümler dowam edýär

Hyzmatdaş güýçleriniň uçarlary Siriýada we Yrakda 12 howa hüjümini gurady

341552
DAEŞ-e garşy hüjümler dowam edýär

ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara hyzmatdaş güýçleriniň terror guramasy DAEŞ-e garşy göreşi dowam edýär.
Halkara güýçleriň uçarlary Siriýada we Yrakda 12 täze howa hüjümini gurady.
Berilen beýanatda Hyzmatdaş güýçleriniň Yrakda 11 howa hüjümi gurandygy aýdylýar.
Siriýada Al-Hawlyň golaýynda guralan howa hüjüminde gurama degişli ekskawator ýok edildi.
Siriýadaky hüjümlere ABŞ-nyň, Bahreýniň, Kanadanyň, Iordaniýanyň, Saud Arabystanynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň uçarlary bilen birlikde Türkiýäniň harby uçarlary hem gatnaşdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar