Asuda ilatyň ýaşaýan ýerleri bombalandy

Hüjümde 21 adam ýogaldy

372165
Asuda ilatyň ýaşaýan ýerleri bombalandy

Siriýada Asada tabynlykdaky güýçleriň gyrygynçylygy dowam edýär.

Siriýanyň Ýaragly güýçleriniň harby uçarlary Damaskyň Gündogar Guta etrabyna wakum bombasy bilen guran hüjüminde 21 adam ýogaldy, 100 adam ýaralandy.

Hüjümde ýogalanlaryň ählisiniň asuda ilatdygy, halas ediji toparlaryň sebitdäki ýykylan jaýlaryň aşagynda galan adamlary halas etmek üçin iş alyp barýandygy nygtaldy.

Hüjümden soň adamlaryň howpsyz ýerlere göçendigi habar berildi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar