Asada tabynlykdaky güýçleriň hüjümleri dowam edýär

Howa hüjümlerinde ýogalan 247 adamyň 50-den gowragy çaga

369495
Asada tabynlykdaky güýçleriň hüjümleri dowam edýär

Asada tabynlykdaky güýçleriň paýtagt Damaskyň töweregindäki oppozisionerleriň gözegçiligi astyndaky ýerlere guraýan hüjümleri dowam edýär.

Hüjümlerde ýogalýan adamlaryň sany gün saýyn artýar.

Oppozisionerler soňky 10 günde Gündogar Gutada we onuň töwereginde ýogalan adamlaryň sanynyň 247 adama ýetendigini habar berdiler.

Ýogalanlaryň 50-den gowragy çaga bolup, ýaralanan adamlaryň sany bolsa 1 müňden geçdi.

Gündogar Guta 2 ýyl bäri gabaw astynda saklanýar.

Asada tabynlykdaky howa güýçleriň 16-njy awgustda guran hüjüminde 117 adam ýogalypdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar