Owgansytanda partlama boldy

Partlamda 11 adam ýogaldy

340454
Owgansytanda partlama boldy

Owganystanyň günbataryndaky Hyrat şäherinde tebigy gaz daşaýan ulagyň partlamagy netijesinde 11 adam ýogaldy.

Hyrat sebitiniň hassahanalarynyň metbugat geňeşçisi Refik Şerzai ýogalanlaryň 10-nyň çagadygyny, wakada şeýle hem 18 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

Partlama içerki söweşden gaçan adamlaryň ýaşaýan çadyr şäherçäniň golaýynda boldy.

Wakanyň näme sebäpli ýüze çykandygy entek bilinenok.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar