Koreýa ýarymadasy dartgynly bolmagynda galýar

Koreýa ýarymadasynda dartgynlygyň tamamlanmagy üçin geçirilýän gepleşikler dowam edýär

339604
Koreýa ýarymadasy dartgynly bolmagynda galýar

Günorta Koreýa Demirgazyk Koreýany harby işjeňligi artdyrmak bilen günäkärleýär.
Günorta Koreýanyň Goranmak ministrligi Demirgazyk Koreýanyň suw asty we harby gämileriniň radarlar tarapyndan anyklanmaýandygyny mälim etdi.
Goranmak ministrligi Demirgazyk Koreýanyň 1950-nji ýyldaky söweşden soň, ilkinji gezek işjeňligini şu derejede artdyrandygyny habar berdi.
Beýleki tarapdan Demirgazyk Koreýanyň telewideniýesi 1 million adamyň gulluga gitmek üçin meýletin gelendigini we harby merkezleriň dolandygyny nygtady.
Demirgazyk Koreýanyň goşuny dünýäniň iň uly goşunlarynyň birine eýe.
Günorta Koreýanyň Demirgazygyň hereketlerine garşy käbior çäreler görüp, serhediň golaýyndaky ýerlerde adatdan daşay ýagdaý yglan edipdi. Sebitden başga ýerlere giden ýaşaýjylar indi bolsa öz öýlerine gelmäge başladylar.
Günorta we Demirgazyk Koreýanyň arasynda şu hepdäniň penşenbe güni dartgynlyk ýüze çykyp, taraplaryň ikisi hem biri-birine ot açypdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar