Ukraina Putina berk garşylyk bildirdi

Ukraina Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Kryma guran saparyna berk garşylyk bildirdi

331988
Ukraina Putina berk garşylyk bildirdi

Ukrainanyň Daşary işler ministrligi Russiýanyň hökümetiniň Ukrainadan rugsat almandygyny nygtap, Moskwa nota berdi.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin düýn guran saparynyň çäginde sebitde ýaşaýan milli jemgyýetleriň wekilleri bilen duşuşdy.

Krymda 175 etnik toparyň ýaşaýandygyny nygtan Putin sebitde parahatçylygyň we asudalygyň diňe şol halklar bilen hökümetiň arasynda sazlaşyk bolan ýagdaýynda mümkin boljakdygyny belledi.

Putin Krymda ýaşaýan ähli etnik toparlaryň hukuklarynyň goralmalydygyny aýtdy.

Putin Krymdaky tatar wekilleri bilen hem duşuşdy.

Tatarlaryň Krym üçin örän wajypdygyny aýdan Putin kyn günleri başyndan geçirýän tatarlar üçin gazna döredilendigini nygtady.

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Kryma gaýdyp gelen krym tatarlary üçin raýatlyk işleriniň aňsatlaşdyryljakdygyny belläp geçdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar