Putinden Asada harby uçarlar

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Siriýanyň Prezidenti Başar Asada 6 sany harby uçar berdi

329974
Putinden Asada harby uçarlar

Russiýanyň resmi habarlar gullugy Sputnik Siriýa 6 sany MIG-31 görnüşli harby uçarlaryň berilendigini mälim etdi

Sputnik tarapyndan berilen habarlara görä harby uçarlar Siriýanyň paýtagty Damaskdaky Mezze howa menziline gondy.

Ýokary derejeli tutujy uçar diýip bilinýän MIG-31-ler özleriniň gowylandyrylan radarlary bilen 200 kilometrlik meýdany gözegçilik edip bilýär.

Esasy wezipesi ýokary derejede tutujy gözegçiligini amala aşyrmak we hüjümleriň öňüni almak bolan MIG-31-ler dünýäniň iň çalt uçaýan uçarlarynyň biridir.

Russiýa 2007-nji ýylda Siriýa 8 sany MIG-31 harby uçary satmagy kabul eden hem bolsa Ysraýylyň basyşy bilen ylalaşykdan ýüz öwüripdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar