DAEŞ Liwiýadaky hüjümlerini ýaýbaňlandyrýar

DAEŞ Liwiýanyň Sirte şäherini basyp almak üçin güýçli hüjümlere başlady

329311
DAEŞ Liwiýadaky hüjümlerini ýaýbaňlandyrýar

Terror guramasy DAEŞ-iň Sirte şäherini basyp almak üçin başladan hüjümlerinde häzirki wagta çenli takmynan 200-e golaý adam ýogaldy.
Terrorçylar Sirtede 12 adamy rehimsizlik bilen öldürip, haça çüýlediler.
Hassahana hüjüm guran terrorçylar ol ýerdäki bejergi alýan 22 adamy atyp öldürdiler we binany ýakdylar.
Şäherde sişenbe güni başlan ýaragly çaknyşyklar barha artýar.
Liwiýanyň Fransiýadaky Baş ilçisi terrorçylaryň öýlere girip ýaşaýjylary öldürýändiklerini, şäherde uly gyrgynçylygyň bolup biljkedigini aýtdy.
Tripolidäki hökümet hem DAEŞ-e garşy howa hüjümi gurap, terrorçylara garşy söweşýän toparalara goldaw berýär.
Sirtedäki çaknyşyklar DAEŞ-iň şu hepdäniň başynda abraýly taýpalaryň biriniň ymamyny öldürmegi bilen möwjäpdi.
Liwiýadaky dini adamlaryň bir bölegi eline ýarag alyp bilýän ähli adamlary DAEŞ-e garşy söweşmäge çagyrýar.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar