Al Kaýda Talibana wepaly boljakdygyna kasam etdi

Aýman Al Zewahiriniň hem geçen aý ölen Molla Ömer ýaly diri däldigi nygtalýardy

326599
Al Kaýda Talibana wepaly boljakdygyna kasam etdi

Al Kaýdanyň lideri Aýman Al Zewahiri Owganystandaky terror guramasy Talibanyň täze lideri Mullah Aktar Mansura wepaly boljakdygyny kasam etdi.
Zewahiri sosial medianyň üsti çap eden ses ýazgysy bilen Talibanyň täze lideri Mansura wepalylygyny kasam etdi.
Ozal hem Usame Bin Ladiniň öldürilmeginden soň, Molla Ömere wepalyly boljakdygyna kasam eden Zewahiri: “Bin Ladiniň we Molla Ömeriň ýolundan gitmegimizi dowam etdireris” diýdi.
Aýman Al Zewahiriniň hem geçen aý ölen Molla Ömer ýaly diri däldigi aýdylýardy.
Owganystanyň hökümeti birnaçe gün ozal terror guramasy Talibanyň liderligine Bin Ladinden soň guramanyň başyna geçen Molla Ömeriň 2-3 ýyl ozal ölendigini beýan edeninden soň, Taliban täze lideriniň Aktar Mansurdygyny beýan edipdi.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar