Bahreýnde polis işgärlerine hüjüm guraldy

Geçen hepdäniň ahyrynda Bahreýn bilen Eýranyň arasynda dartgynlyk ýüze çykypdy

304835
Bahreýnde polis işgärlerine hüjüm guraldy

Bahreýnde şaýylaryň ýaşaýan etrapçasynda polise bombaly hüjüm guraldy.
Hüjümde 2 polis işgäri ýogaldy, 1-i agyr 6 polis ýaralandy.
Bahreýniň Içeri işler ministrligi tarapyndan berilen beýanata görä hüjüm Sitra adasynda şaýylaryň ýaşaýan etrapçasynda guraldy.
Patrullyk edýän polis işgärlerini nyşana alyp guralan hüjümden soň, ada barýan ýollar ýapyldy we giň gerimli operasiýalar başladyldy.
Bahreýnde şaýylaryň ýaşaýan ýerlerinde ýygy-ýygydan çaknyşyklar we polislere hüjümler guralýar.
Polisler birnäçe gün ozal Eýrandan gelen ýaraglary ele geçirendiklerini mälim edipdi.
Geçen hepdäniň ahyrynda Bahreýn bilen Eýranyň arasynda dartgynlyk ýüze çykypdy, Bahreýn bolsa öz Baş ilçisini maslahatlaşmak üçin yzyna çagyrypdy.
Ilatyň aglabasy şaýy bolan Bahreýnde 4 ýyl ozal ýüze çykan garjaşyklykda 89 adam ýogalypdy, gozgalaň Saud Arabystanynyň harby goldawy bilen ýatyrylypdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar