Fransiýa bilen Eýran ýakyndan hyzmatdaşlyk eder

Fransiýanyň Prezidenti Fransua Olland we eýranly kärdeşi Hasan Ruhani iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň güýçlendirilmegi barada ylalaşdylar

384943
Fransiýa bilen Eýran ýakyndan hyzmatdaşlyk eder

Fransiýa tarapyndan berilen beýanatda Ollandyň we Ruhaniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirilendigini nygtalýar.

Beýanatda Fransiýanyň Daşary işler ministri Laurent Fabiusyň 29-njy iýulda Eýrana gurajak saparynyň bellenilen maksatlaryň durmuşa geçirilmegi taýdan başlangyç boljakdygy aýdylýar.

Olland telefon arkaly söhbetdeşlikde esasan hem Eýranyň Ýakyn Gündogardaky çykgynsyzlygyň çözülmegi üçin goldaw bermegini isledi.

Iki lider şeýle hem Wenadaky ýadro gepleşikleriniň üstünlikli netitejelenmeginiň örän guwandyryjydygyny bellediler.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar