Asada tabynlykdaky güýçler 44 adamy öldürdi

Siriýada Asada tabynlykdaky güýçleriň guran hüjüminde 44 adam ýogaldy

384839
Asada tabynlykdaky güýçler 44 adamy öldürdi

Siriýanyň Ýaragly güýçleriniň guran hüjümlerinde 6-sy çaga 44 adam ýogaldy.
Siriýanyň Adam hukuklary guramsy tarapyndan berilen beýanata görä Asada tabynlykdaky güýçler howadan barrel we wakum bombasy bilen, ýerden bolsa roketa we taňklar bilen hüjüm guraýar.
Beýleki tarapdan Siriýanyň resmi habarlar gullugy SANA howpsyzlyk güýçleriniň ýurduň ençeme şäherinde guran operasiýalarynda köp sanda ýaragly toparlary ýok edendigini nygtady.
Oppozisionerler bolsa Deraa şäherini dolulygyna basyp almak üçin hüjüme başlady.
Asada tabynlykdaky güýçleri şähere guralýan güýçli hüjümler sebäpli şäheriň demirgazygynä süýşdi.
Oppozisionerler häzirki wagta çenli Deraa şäheriniň 70 göterimini basyp aldylar.
Siriýanyň Halap şäherinde hem söweşler dowam edýär.
Şäherdäki çaknyşyklarda Asada tabynlykdaky güýçlerden 11 adam, terror guramasy DAEŞ-e agza 1 adam öldi.
Asada tabynlykdaky güýçleriň mundan başgada taryhy Palmira şäherini DAEŞ-den basyp almak üçin hüjüme başlandygy bellenýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar