BMG-nyň ýoksullyk habarnamasy

BMG 1990-njy ýylda 1,9 milliarda barabar bolan ýoksulyň we açlyk çäginde bolanlaryň sanynyň 2014-nji ýylda 836 million adama düşendigini habar berdi

337961
BMG-nyň ýoksullyk habarnamasy

Gurama durnukly ösüş arkaly ýoksullygy ortadan aýyrmak we ykdysadyýeti özgertmek barasynda habarnama çap etdi
Habarnama barasynda beýanat beren BMG-nyň Baş sekretary Pan Gi Mun entegem kömek berilmedik köp sanly adamyň bardygyny nygtady.
Pan Gi Mun dogulýarka ýa-da soň ýüze çykýan sebäplerden aýallaryň we bäbekleriň ýogalýandygyna ünsi çekdi.
Habarnama laýyklykda 1990-njy ýyl bilen deňeşdirilende bäş ýaşyna ýetmän ýogalýan çagalaryň sany ýarym esse azalan hem bolsa, dünýäde günde 17 müň çaga bejergisi mümkin bolan hassalyklar sebäpli ýogalýar.
Habarnamada beýleki bir görkeziji bolsa uruşlar we çaknyşyklar sebäpli göçmäge mejbur bolýanlar bilen bagly.
Şol görkezijilere görä 2014-nji ýylda 60 million adam ýaşaýan ýerlerini terk etmäge mejbur boldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar