Terrorçylar Nigeriýada ençeme ýere hüjüm gurady

Nigeriýada metjide we naharhana guralan hüjümlerde ýogalan adamlaryň sany 44-e ýetdi

334660
Terrorçylar Nigeriýada ençeme ýere hüjüm gurady

Ilkinji partlama adamlaryň metjitde wagyz diňleýän wagty boldy. Partlama netijesinde metjitdäki 29 adam ýogaldy.
2-nji partlama Şagalinku şäherinde syýasatçylaryň ýygy-ýygydan gidýän naharhanasynda boldy. Partlama bolmadan ozal ýaragly topar naharhana girip, çem ýere ot açdy. Naharhanada jemi 15 adam ýogaldy, 67 adam bolsa ýaralandy.
Hüjümleri terror guramasy Boko Haram gurandyr diýip çak edilýär.
Ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky Potiskum obasynda protestantlaryň buthanasyna guralan kamikaze hüjüminde hem azyndan 6 adam ýogaldy, 10 adam ýaralandy.
Ýurdy gana bulaýan Boko Haramyň agzalary geçen hepde guran hüjümlerinde 200-den gowrak adam ýogaldy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar