Russiýada ŞHG we BRICS sammitleri geçiriler

Russiýanyň Ufa şäherinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramsynyň we BRICS-yň sammitleri geçiriler

334517
Russiýada ŞHG we BRICS sammitleri geçiriler

Russiýada Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasy we BRICS ýurtlarynyň (Braziliýa, Russiýa, Hindistan, Hytaý we Günorta Afrika) hökümetleriniň we döwlet ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sammit geçiriler.
Sammit 7-nji we 8-nji iýulda Russiýanyň gündogaryndaky Gazagystan serhediniň golaýyndaky Ufa şäherinde geçiriler.
Maslahatda esasan hem energetika meseleleri ara alynyp maslahatlaşylar.
Russiýanyň Enrgetika ministri Aleksandr Nowak: “Mesele barasynda ozal hem işler geçirildi, Meksikada ministrlerimiz ýygnandy. Dünýädäki bolup geçýän wakalaryň analizi, döwrebap tehnologiýalaryň tanyşdyrylmagy ýaly meselelerde tejribelerimizi paýlaşmagymyz bilen agza ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary has hem berkitjegdigine ynanýarys” diýdi.
Russiýa aprel aýynda bäri BRICS-a ýolbaşçylyk edýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar