BMG-daky Siriýa karar taslamasy kabul edildi

Karar taslamasynda hüjümleriň bes edilmegi çagyryşy berildi

330105
BMG-daky Siriýa karar taslamasy kabul edildi

Siriýada terror guramasy DAEŞ-iň hüjümlerini ýazgarýan we şol hüjümleriň haýsydyr bilen din, halk we medeniýet arabaglanşygynyň ýokdygyny nygtaýan karar taslamasy BMG-nyň Adam hukuklary geňeşinde sesleriň köplügi bilen kabul edildi.
Siriýadaky krizisde asuda ilatyň ýagdaýynyň barha agyrlaşýandygy we adam hukuklarynyň basgylanylýandygy nygtalan karar taslamasynda, Siriýanyň hökümetine, DAEŞ-e we daşary ýurtly söweşijilere ýurtdaky hüjümleriň bes edilmegi çagyryşy berildi.
Karar taslamasy Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Iordaniýa, Kuweýt, Marokko, Katar, Saud Arabystany, Türkiýe, Beýik Britaniýa we ABŞ tarapyndan hödürlenipdi.
Taslama 29 kabul sesi bilen kabul edildi.
6 ýurt garşy ses berdi, 12 ýurt bolsa ses bermekden saklandy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar