Otly 200 ýolagçysy bilen derýa gaçdy

Sebitde halas ediş işleri dowam edýär

329477
Otly 200 ýolagçysy bilen derýa gaçdy

Pakistanda ýolagçy otlynyň Çanawa atly köprüden geçýän wagty köpriniň çökmegi netijesinde 3 wagon derýa gaçdy.

Heläkçilikde ilkinji kesgitlemelere görä 12 adam ýogaldy.

Heläkçilikden gysga wagt soň gözleg we halas ediş işleri başlady.

Otly heläkçiliginde 85 adam ýaralandy, häzirki wagta çenli 80 adam hem halas edildi.

Otlydaky ýolagçylaryň sanynyň anyk bilinmeýändigi sebäpli ýogalanlaryň sanynyň köpelmegine alada bildirilýär.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar