Owganystanyň demirgazygynda ýaragly çaknyşyk

Owganystanda Talibanly başbozarlar bilen Howpsyzlyk güýçleriniň arasynda ýaragly çaknyşyk boldy

323595
Owganystanyň demirgazygynda ýaragly çaknyşyk

Owganystanyň demirgazygyndaky Jewizjan şäheriniň Kuş Tepe etrabynda Talibanlylar bilen Howpsyzlyk güýçleriniň arasynda bolan çaknyşykda 7 adam ýogaldy.

Jewizjanyň Polisiýa bölüminiň başlygy Fakir Muhammed Jewizjani başbozarlaryň Kuş tepeden polisiýa bölümine gidýän ýoluň ugrunda hüjüm eendigini, ýüze çykan ýaragly çaknyşykda 4 polisiň we 3 başbozaryň ýogalandygyny habar berdi.

Ýurduň demirgazygyndaky Farýab welaýatynada 2 gün ozal guralan iki aýry bombaly hüjümde hem 3 adam ýogalypdy.


Etiketkalar:

Degişli Habarlar