ABŞ Pekiniň kiber içalylyk işlerine alada bildirdi

Prezident Barak Obama ABŞ-Hytaý Strategik ykdysady dialog maslahatyna gatnaşmak üçin Waşingtona gelen hytaýly ýolbaşçylara aladalaryny bildirdi

319541
ABŞ Pekiniň kiber içalylyk işlerine alada bildirdi

Geçen hepdelerde ABŞ-da federal edaralar bilen birlikde howpsyzlyk we harby işgärleriň käbir gizlin maglumatlarynyň ogurlanandygynyň beýan edilmeginden soň ünsler Hytaýa gönügipdi.
Hüjümiň Hytaý ýa-da hytaýly komýuter garakçylary tarapyndan guralandygy öňe sürülen bolsa, resmi Waşington aladasyny beýan etmek bilen çäklenipdi.
Paýtagt Waşingtondan iki günden bäri dowam edýän ABŞ-Hytaý Strategik ykdysady dialog maslahatynda mesele gün tertibine getirildi.
Ak Tamdan berilen ýazmaça beýanatda Prezident Obamanyň Hytaýyň Wise-premýerleri bilen geçiren duşuşygynda Hytaýyň kiber hüjümleri bilen Günorta Hytaý deňizindäki aksiýalaryna alada bildirýändigini aýdandygy nygtalýar.
Obama duşuşykda resmi Pekiniň dartgynlygy gowşatmak üçin anyk tagalla etmegi üçin çagyryş berdi.
Prezident Obama hytaýly ýolbaşçylara Prezident Si Sizinpingi sentýabrda Ak Tamda kabul etmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny hem aýtdy.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar