Kürt güýçler DAEŞ-iň merkezi Rakka şäherine tarap barýar

Kürt güýçler Aýn İssanyň bir böleginiň gözegçiligini ele geçirdi

315301
Kürt güýçler DAEŞ-iň merkezi Rakka şäherine tarap barýar

Siriýanyň demirgazygynda kürt güýçler terror guramasy DAEŞ-iň merkezi Rakka şäherine tarap barýar.
Rakka şäherinden 50 kilometr alysdaky etraba tarap barýan kürtler harby bazanyň gözegçiligini ele geçirdi.
Kürt güýçler Aýn İssanyň bir böleginiň gözegçiligini ele geçirdi.
Terror guramasy DAEŞ-iň merkezi Rakka bilen Aýn İssanyň arasynda başga ul ýaşaýyş merkezi ýok.
Beýleki tarapdan Pentagon, DAEŞ-a garşy göreşýän Siriýaly oppozisionerlere aýda 200 bilen 450 dollar töländigini habar berdi.
Pentagonyň metbugat geňeşçisi geçen hepde 200 oppozisionere tälim berlendigini ýene-de 1500 oppozisionere tälim beriljekdigini nygtady.
Beýleki tarapdan Yrakdaky çaknyşyklar hem dowam edýär.
Yragyň ýaragly güýçleri şaýy meýletinleriň goldaw bermeginde Anbar welaýatynda Huseýbe etrabyndaky terrorçylary yzyna serpikdirdi.

 


Etiketkalar:

Degişli Habarlar